JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel künjege geldi. Sabanyň sergin çagynda dag etekleriniň tämiz howasy ynsana ýaramly täsir edýär, güýjüňe güýç goşýar, döredijiligiňi joşdurýar. Türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginiň, daglaryň we dereleriň gözelligi, aýratyn howa gurşawy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramaga uly üns berýändiginiň aýdyňlygy bilen subut edýär.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigat diňe bir tenekarlygy bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ruhunyň belende galmagynda oňyn täsiri bardyr. Tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetlidigini durmuş tejribesi görkezdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip esaslandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr. Munuň özi adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna halkara derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen şu ýylda bolsa, Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk beren «Welosiped» binasy açyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherini 2024–2052-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasy taýýarlanar

Gurluşyk we senagat toplumy: ýol we köpri gurluşygy üçin 545 millionlyk maýa goýum

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti: ilat ýazuwynyň jemlerine görä meýilnamalara takyklamalar girizilmeli