JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikde bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde gatnaşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda ýagşy dessura öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň ähli ýerinde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy-bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hem-de ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri