JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistan ählumumy ulag dialogyna özüniň başlangyçlar arkaly gatnaşmagyny güýçlendirýär

«Awaza» kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirilýär. Forum «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugy esasynda guralýar.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan forumda Türkmenistanyň Prezidenti wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde “Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu bolsa, duşuşygyň ähmiýetini, derwaýyslygyny   
we öz wagtynda çagyrylandygyny görkezýär. Elbetde, gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzümi Türkmenistana bolan hormatyň şaýadydyr, ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky ählumumy hyzmatdaşlyga goşan goşandynyň ykrar        edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip bellenilýär.

Häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki  ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag – kommunikasiýalar düzümi ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biler. Maýa goýum işjeňligini höweslendirip, belli bir derejede, tutuş ählumumy geoykdysady ulgama täze many-mazmun bermäge ukyplydyr. Şu nukdaýnazardan, täze ulag-üstaşyr       merkezleriniň mümkinçilikleri örän uludyr. Olara ägirt giňişlikler, adam mümkinçilikleri çekilýär, düýpli maýa goýumlary goýulýar. Bularyň hemmesi, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň hereketlendirijisiniň birine öwürmäge mümkinçilik döredýär” diýip, wideoýüzlenmesinde belläp geçen Türkmenistanyň Prezidenti geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa    merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilenbirleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti “Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga  gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri   bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin. Şeýle hem, biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris. Şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer. Dünýä bileleşiginiň olary çözmäge eýerýändigini görkezmäge ukyply bolar. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we  başlangyçlar üçin açykdyr” diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynanýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasyna ygrarly

Türkmen halkynyň Milli Lideri german işewürlerini hyzmatdaşlyga çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Kansler Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 200-den gowrak desganyň gurluşygy alnyp barylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropa ugry Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýelär

Ata Watan Eserleri