TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Izmir welaýatynda bolup geçen adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle