JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi.

K.Omuraliýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasynyň onda synçy döwlet derejesine eýe bolan ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow guramanyň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübäreklemäge şatdygyny we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşandygyny belledi.

Türki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Onda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde ýolgörkeziji bolup hyzmat etjek ylalaşyklar gazanyldy we teklipler beýan edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türki söwda-senagat edarasynyň düzümine kabul edilmegi geljekde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bu binýady netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, görnükli türkmen şahyrynyň edebi mirasyny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

TDG-niň giňişliginde özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde dürli ugurlarda, ilkinji nobatda, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmäge, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar