TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türk geňeşiniň onlaýn sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň onlaýn görnüşindäki sammitine gatnaşdy.

Şu gün, Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň, hormatly Prezidentimiz Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň başlyklygyny alyp barýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça bu geňeşiň adatdan daşary sammitine gatnaşdy.

Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen sammit koronawirusa  garşy göreşde hyzmatdaşlyga we raýdaşlyga bagyşlandy. Oňa bäş döwletiň – Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Özbegistan Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.  Şeýle hem bu sammite Wengriýanyň Premýer-ministri wiktor Orban hem-de Türk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amraýew we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus gatnaşdy.

Sammitiň barşynda döwlet Baştutanlary koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek, köptaraplaýyn saglyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek we sebitde “COVID-19”-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly umumy meseleleri çözmek üçin görülýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, bu ýokanç keseliň dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýeňip geçmegiň ýollaryny gözden geçirdiler.

Milli Liderimiz bu sammitde eden çykyşynda bu howpy üstünlikli ýeňip geçmek üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp düzmegiň zerurdygyny belläp, häzirki kyn şertlerde türk dilli halklaryň iň gowy häsiýetleriniň, ýagny özara goldawy hem-de raýdaşlygy görkezmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda kararlar kabul edilende aýratyn jogapkärçilik, ara alyp maslahatlaşmak we öňdengörüjilik talap edilýär diýip, belledi. Şeýle hem milli Liderimiz diňe bilelikdäki tagallalar arkaly netijelere ýetip boljakdygyna bil baglamalydygyny aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe dünýäniň ähli ýurtlaryna täsir edýän bu ýokanç kesel bilen baglanyşykly möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreden bu sammiti guramak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz onlaýn sammitde öz kärdeşlerine Türkmenistanda täze ýokanç keseliň – “COVID-19” koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler toplumynyň öz wagtynda alnandygy, hususan-da, serhet, migrasiýa we gümrük düzgünleriniň güýçlendirilendigini we Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawlaryna çäklendirmeleriň girizilendigini barada aýdyp geçdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurduň içinde gönüden-göni ähli saglygy goraýyş ulgamy täze howpuň öňüni almak üçin öz wagtynda ykjam hereket edýändigini, saglygy goraýyş edaralary üçin zerur zatlaryň satyn alnandygyny we häzirki wagtda iň döwrebap enjamlar, şahsy gorag enjamlary, synag ulgamlary, lukmançylyk taýýarlyklary we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz şu döwürde lukmançylyk jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda uzakdan aragatnaşyk saklamagynyň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz şu çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň ýagdaýyň çynlakaýlygyna düşünip, häzirki şertlerde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, döwletleriň arasyndaky ulag aragatnaşygynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna ynanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz kärdeşlerine – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň Prezidentlerine häzirki wagtda bu ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna gowy garaýandyklary we aladalary üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz öz gezeginde hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bu ýurtlaryň raýatlaryna şol bir garaýşyň hemişe bolandygyny we görkeziljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda bu döwürde bilelikde kynçylyklary uly abraý bilen ýeňip geçip, hyzmatdaşlygy we doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle