JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti täze howa elektrik geçirijisiniň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Ýapyk energiýa halkasy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energiýa ulgamlarynyň arasynda özara baglanyşyk arkaly ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmelidir, şonuň netijesinde energetika pudagynyň işgärleri energiýa bloklaryny, elektrik beketlerini we elektrik geçiriji ulgamlaryny sarp edijilere zyýan ýetirmezden bejerip hem-de döwrebaplaşdyryp bilerler.

Jemi uzynlygy 572 km bolan «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygy bellemek gerek.

Elektroenergetika pudagynyň täze möhüm desgalarynyň – «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijisiniň we iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?