JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Tatarystanyň Baştutany Aşgabatda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

– Türkmenistanda köp ýyllardan bäri öňdebaryjy tatar kompaniýalary işleýär. Geçen ýyl haryt dolanyşygy 13 göterim artyp, 52 million dollara deň boldy – diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Myhman iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny nebit önümçiligi, tebigy gazy daşamak, awtomobil, awiasiýa, gämi gurluşyk, energetika we oba senagaty ýaly pudaklarda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hem üns berildi. Geçen ýyl Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirildi, Kazan şäherinde bolsa, milli medeniýetleriň halkara festiwaly guraldy.

Rustam Minnihanow üstümizdäki ýylda Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge garaşýandyklaryny belledi.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlary senetçilik ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berip, medeni mirasy gorap saklamakda Türkmenistanyň senetçileriniň tejribesiniň gyzyklydygy bellenildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler