TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Şu gün Duşenbede bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda täjik parlamentiniň ýolbaşçylary — Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namaýondagan Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda we Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Mälim bolşy ýaly, parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebitleýin formatdaky parlamentara meýdançalaryň işine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.

Geçen ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali hem gatnaşypdy.

Häzirki wagtda türkmen-täjik gatnaşyklarynda parlament diplomatiýasyna uly orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň parlament ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda hem bu ugurdaky hereketleri işjeňleşdirmek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, iki döwletiň parlamentarileriniň halkara we sebit meýdançalaryndaky tagallalaryny ilerletmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakyn geljekde sebitara parlament forumlaryny geçirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamak bilen, daşary ýurtlar hyzmatdaşlar üçin anyk teklipleri hödürlemegiň zerurdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistanyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklardyr «tegelek stol» maslahatlarynyň geçirilmeginiň iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Teswirle