JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti tagamlaryň görkezilişini synlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Milli we daşary ýurt tagamlarynyň görkezilişine gatnaşýan telekeçilik düzümleriniň hatarynda «Gül Zaman», «Altyn toý mekany», «Hezzet», «Toý mekany-hyzmat», «Ýigit», «Erteki Älemi» hojalyk jemgyýetleri, «Soltan», «Köpetdag», «Altyn Çag» restoranlary, «MADO» kafesi, «Zemin» kafe-restorany, «Miweli ülke» hususy kärhanasy, şeýle-de arassalanan agyz  suwuny, alkogolsyz içgileri, miwe şirelerini öndürýän kärhanalar bar.

Biziň milli aşhanamyzyň gadymy taryhy bolup, ol türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, tebigy-ýerleşiş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, häzirki sergide türkmen aşpezleri tarapyndan taýýarlanan tagamlaryň hatarynda çorbanyňdyr palawyň dürli görnüşleri, dograma, ýarma, etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekli, dürli huruşly gutaplar, çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, işdäaçarlardyr süýjülikler we beýlekiler bar.

Bu ýerde kafedir restoranlarda ildeşlerimiziň uly isleginden peýdalanýan dürli görnüşli daşary ýurt tagamlaryna hem giň orun berlipdir. Bularyň ählisi türkmen telekeçileriniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda-da netijeli iş alyp barmak bilen, müşderileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda uly üstünlikleri gazanýandyklarynyň nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasyna ygrarly

Türkmen halkynyň Milli Lideri german işewürlerini hyzmatdaşlyga çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Kansler Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 200-den gowrak desganyň gurluşygy alnyp barylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropa ugry Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýelär

Ata Watan Eserleri