DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlis şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkant şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk boldy.

“Sputnik” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wladimir Norow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşjak döwlet Baştutanlary barada habar berdi.

Ol Samarkant şäherinde geçiriljek sammitine gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşjakdygy barada tassyklaýjy hatyň alnandygyny belledi.

Şeýle hem Wladimir Norow sammite Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatly myhman hökmünde gatnaşjakdygyny habar berdi.

Bu sammite guramanyň synçy döwletleriniň – Belarusyň, Eýranyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň hem gatnaşjakdygy mälim edildi.

Sammite birnäçe halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem Wladimir Norow bu sammitine Özbegistanyň teklibi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň çagyrylmagy boýunça başlangyjyň goldanandygyny belledi.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna – Özbegistan, Russiýa, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Hytaý, Hindistan we Pakistan agzadyr.

Häzirki wagtda Eýranyň bu guramanyň doly hukukly agzasy bolmaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem Belarus ŞHG guramasyna agza bolmak üçin ýüz tutdy.

Mundan başga-da, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geriminiň giňeldilmegi ugrunda tagallalar edilip, oňa agza, synçy agza ýa-da dialog boýunça hyzmatdaş bolmaga isleg bildirýän ýurtlaryň sany hem yzygiderli artýar.

Arap we Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Azerbaýjan we Ermenistan hem bu gurama goşulyşmaga gyzyklanma bildirýär.

 

Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýadaky ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsuly wezipä bellenildi

Olaf Şolz Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen duşuşar

Türkmenistanyň Gruziýadaky ılçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirdi

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi