TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Şeýh Zaýed metjidine baryp gördi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň maksatnamasyny Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän Şeýh Zaýed metjidine baryp görmek bilen jemledi. BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine baryp, aýat-töwir okalandan soňra, hormatly Prezidentimiz metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Ýusef Al Obaidli belent mertebeli türkmen myhmanyna metjitde ýazylan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy we onda oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz metjidiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidine beýleki dinleriň wekillerine hem girmäge rugsat berilýändigi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Umumy meýdany 22 müň inedördül metre deň bolan metjidiň dört burçunda beýikligi 107 metre ýetýän dört  sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezleriň 82-si bilen örtülendir. Ol bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär.

Ýeri gelende bellesek, agramy 47 tonna bolan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy hem-de agyrlygy 12 tonna deň bolan dünýäniň iň uly lýustralarynyň biri Şeýh Zaýed metjidini bezeýär. Gurluşygy 12 ýyllap alnyp barlan bu metjit ýurduň ýaşaýjylarynyň we dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Teswirle