Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
– Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Gyrgyzystan ösüşinde täze tapgyra gadam basdy. Ýurtda uly özgerişlikler we durmuş-ykdysady ösüşlar amala aşyrylýar.
Esasan hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine, halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň pugtalandyrylmagyna berýän şahsy ünsüňizi we yzygiderli goldawyňyzy belläsim gelýär. Gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň peýdasyna yzygiderli pugtalanjakdygyna ynanýaryn – diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilip geçilýär.