JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustini kabul etdi. Bu barada “TASS” habarlar gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysayd gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

– Türkmenistanyň Prezidenti bilen netijeli duşuşygymyz boldy. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär – diýip, Mihail Mişustin belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Mişustin 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösüp, ösüp depgininiň 22 göterim artandygyny belledi. Rus hökümetiniň Baştutany söwda möçberiniň 19 milliard ruble deň bolandygyny belläp, bu görkezijini has-da artdyrmagyň ugurlaryny gözlemegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň maýa goýum,  söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlarynda has-da ösdürilmegi üçin iş alyp barmagyň zerurdygyny belläp geçdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin bu ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlandan soňra özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrýar.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri