Şu gün Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
Beýik Britaniýanyň öz Patyşalaryna Täç geýdirýän Ýewropada ýeke-täk ýurtdugyny bellemek gerek. Täç geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan Täje we skipetre aýratyn orun degişlidir. Olaryň her biri Patyşanyň eýeleýän ornunyň we onuň borçlarynyň aýratyn ugurlaryny alamatlandyrýar.
Häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça umumy garaýyş ýörelgelerine esaslanýar. Döwletlerimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ugurda umumy bähbidi bar. Ýangyç-energetika, söwda ugurlary, bank ulgamy, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ýaly ugurlar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.