TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Özbegistan Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan bäri syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar, halkara giňişlikde mynasyp abraýdan peýdalanýar, sebit hem-de ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde ähmiýetli orny eýeleýär” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde ýetilen derejä ýokary baha berilýändigini we onuň mundan beýläk-de giňeldilmegine çalşylýandygyny belläp, türkmen-özbek strategik gatnaşyklaryny iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli ösdürmek, täze sepgitlere ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle