Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz ogly bilen kenarda birsellem gezelenç etdi. Deňziň kenarynda gezelenç etmegiň saglyk üçin aýratyn peýdalydygyny bellemek gerek.
Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli ýörişi dowam etdi. Ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy we ýaşyl örtükli zolaklary dynç alýanlaryň ruhuny göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howasy hem-de dynç alyş amatlyklary türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň şypahana we sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.
Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär. Medeni-köpçülik çäreleriniň sport bilen utgaşdyrylmagy bolsa ýaşlary has belent netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.