Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin 17-20-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde saparda bolar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan metbugat brifinginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde Prezident Baýdeniň Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň Prezidentleri bilen duşuşjakdygyny mälim etdi.
Bu ýokary derejedäki ilkinji duşuşygyň 19-njy sentýabrda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi bolan “C5+1” formatyndaky duşuşyklar ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli geçirilip gelinýär.