TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletine döwlet sapary bilen bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi. Munuň özi Ýakyn Gündogaryň bu ýurdy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädimdir. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Doha şäheriniň «Hamad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Kataryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny ýurduň resmi wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň ikiçäk gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklaryň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlaryň bäşisi amala aşyrylyp, olaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli gepleşikler geçirildi. Bitarap Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň bu dostlukly ýurdy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

Hytaýda “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerinde birinji sammit geçiriler

Dünýäniň liderleri Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Şu gün – Halkara Nowruz güni

Teswirle