TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi 70 ýaş toýy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şanly 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň ýolbaşçylygyňyzda Gazagystan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady ösüş ýolunda yzygiderli öňe barýar. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde ýurduňyzyň abraýy barha ýokarlandy. Biz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bagtyýar durmuşynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle