TESWIRLER

Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrliginiň institutyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz institutyň baş binasyna geldi. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binasy milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açyldy.

…Institutyň merkezi girelgesinde içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallary synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň adamynyň bedenini taplaýandygy, onuň ruhubelentlik, iş başarjaňlyk, çydamlylyk derejesini ýokarlandyrýandygy, özüňe erk etmegi we kesellere garşy bedeniň durnuklylygyny pugtalandyrýandygy hemmelere mälimdir.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň ähli gatlaklary, ozaly bilen bolsa talyp ýaşlar üçin sagdyn-durmuş ýörelgesini kemala getirmekde sportuň eýeleýän orny barada aýtmak bilen, munuň diňe bir Içeri işler ministrliginiň institutynyň däl-de, ähli hukuk goraýjy edaralary üçin möhüm ýörelge bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Galkan” gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlary türgenleşýärler. Merkezde milli, şeýle hem halkara derejelerinde ýaryşlara taýýarlanmak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu merkez hokkeý oýnamak üçin niýetlenendir we milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallalary netijesinde guruldy.

Hokkeýçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Türgenler milli Liderimize türgenleşik geçmek hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ýaşlaryň beden taýdan berkemegi bilen bir hatarda olaryň dürli derejede guralýan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagyny we uly üstünlikler gazanmagyny üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz talyplaryň taýýarlyk ulgamynda sportuň harby-amaly görnüşlerine ilkinji derejeli üns berilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlar bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.

Ok atmagy tamamlap, milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministri M.Çakyýewe gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip, bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini habar berdi.

Şu gün naharhanada milli tagamlaryň biri hasaplanylýan burçly unaş taýýarlanypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň bu tagamyň kömegi bilen ynsan saglygynyň kesele durumlylygyny berkidendikleri mälimdir. Bu ýerde hödürlenýän naharlaryň köpüsi milli tagamlardyr, olar ynsan üçin peýdaly bolmagy bilen bir hatarda, olaryň ýokumlylyk derejesiniň hem ýokarydygyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

300 kompýuter sowgat berildi

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyz üçin ýaş pudagy bolan elektron senagatynyň ösdürilmegi sanlaşdyrmak boýunça Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institut bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmelere öňde durýan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri