JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hytaý halkynyň zähmetiniň, parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde geçen döwrüň içinde Hytaý Halk Respublikasynyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny, täze eýýamda özboluşly hytaý aýratynlygy mahsus bolan sosializm baradaky taglymatlaryň halky “Hytaý arzuwyny” durmuşa geçirmegiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilen sammitiniň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen bolan duşuşygyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, şol duşuşygyň barşynda birnäçe möhüm meseleler boýunça özara pikir alşylandygyny, wajyp ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, iki tarapyň hem netijeli çäreleri amala aşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ýurduň mundan beýläk-de depginli ösüş ýoluny kesgitleýän möhüm syýasy waka boljak Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX Ählihytaý gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, dostlukly hytaý halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasyna ygrarly

Türkmen halkynyň Milli Lideri german işewürlerini hyzmatdaşlyga çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň Kansler Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 200-den gowrak desganyň gurluşygy alnyp barylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýewropa ugry Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýelär

Ata Watan Eserleri