TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Şeýle hem sammitde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz ornuny aldy.

Çäräniň dowamynda GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary guramanyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, özara peýdaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we mundan beýläk-de ösdürmek meýilnamalary boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle