TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti: futbol boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Bu barada TDH habar berýär. Düýn Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Düýn Türkmenistanyň Prezidentini Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde  Katar Döwletiniň Döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halifa stadionyna tarap ugrady. Stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiziň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine berk ynam bildirdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow futbol oýnuna tomaşa etmegini tamamlandan soň, Halkara «Halifa» stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle