TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Biz Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine ýürekden begenýäris we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys” diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, dürli ugurlar boýunça ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana we Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ermenistanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle