TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini açdy

Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze merkeziň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde alnyp baryljak işler bilen tanyşdy.

Desganyň tutýan meýdany 3 gektara deň bolup, merkez ýolbaşçylar we hünärmenler üçin iş otaglaryny, mejlisler otagyny, synp otaglaryny, arhiwi, lukmançylyk otagyny, aşhanany, naharhanany öz içine alýan dolandyryş binasyndan, ammar binasyndan, abatlaýyş we dikeldiş sehinden, abatlaýyş ussahanasyndan, himiki arassalaýyş sehinden, tehniki we kömekçi binadan ybaratdyr.

«Çalyk Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlan bu merkez ýöriteleşen ugry boýunça Merkezi Aziýadaky ilkinji desgadyr. Merkezde «General Electric» kompaniýasynyň energetika enjamlaryna tehniki hyzmat işleri geçiriler. Bu ýerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin 55 sany ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar gurnaldy.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz çykyş edip, täze merkeziň mümkinçilikleri dogrusynda belläp geçdi. Şeýle-de dabarada daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine söz berildi. Olar öz çykyşlarynda täze merkeziň dünýädäki şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini belläp, degişli güwänamalary gowşurdylar.

 

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

 

Ýene-de okaň

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär

Türkiýede prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Teswirle