JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde çykyş etdi we häzirki wagtda parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmakda, şeýle hem ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we başlangyçlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejedäki çärelerine badalga berildi. Şonuň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin gelen döwlet we hökümet Baştutanlary BMG-niň belent münberinden çykyş edip başladylar.

Şol ýokary derejedäki çykyşlaryň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti hem öz çykyşyny ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilen bir hatarda ilkinji gün ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasio, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Kataryň Emiri, Portugaliýanyň Prezidenti we beýleki ýolbaşçylar çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, energetika we ulag hyzmatdaşlygy babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden eden çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy