Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin 17-20-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bu sapara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň çäklerinde 19-26-njy sentýabry aralygynda ýokary derejeleri çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirer.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy üçin Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary beýan edilipdi.