TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýa iş saparyny amala aşyrmak üçin bu ýurda gitdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýurdumyzyň hökümet agzalary hem-de  Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Lýusia Uaýld ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti howa menzilinde  Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen söhbetdeş bolup, türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Beýik Britaniýa tarap ugur alyp, birnäçe sagatdan soňra Londonyň «Stansted» howa menziline baryp gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýa saparynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III täç geýdirmek dabarasyna gatnaşar.

Patyşa Karl III täç geýdirmek dabarasy 6–njy maýda London şäherindäki Westminister ybadathanasynda geçiriler.

Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda şotland köşgi Balmoralda 96 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeläpdi. Tagt mirasdüşerliginiň geňeşi 10-njy sentýabrda onuň ogluny Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň täze monarhy Karl III diýip yglan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň ýerli býujeti taýýarlanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Russiýa sapary

Ata Watan Eserleri

Teswirle