JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Premýer-ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Bu barada Belarusyň metbugaty habar berýär.

Myhman Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokayr baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara hormat goýmak hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini bellän Golowçenko ylym-bilim, medeniýet we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýtdy.

Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentine Belarusda bilim alýan türkmen talyplaryna berýän goldawlary üçin hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärmenleriň Belarusda bilim almagyna goşant goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi.

Belarusly myhman iki ýurduň arasynda oba hojalygy, senagat, gurluşyk we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň giň mümkinçiliklerini bardygyny aýtdy.

Ol belarus tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim edip, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine hyzmatda etjekdigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri