JEMGYÝET

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara işlemäge we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary ugrunda döredilýän ýeňillikler barada bellenildi.

Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda bellenilip geçildi.

Talyp ýaşlar hem öz gezeginde Ýaponiýada okamaklary we bilimlerini artdyrmaklary üçin ýurdumyz tarapyndan döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler