TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Azerbaýjanda gepleşikler geçirdi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýeti Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanda saparda boldular.

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda birnäçe duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sagiba Gafarowa bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň resmi saýtyndaky habara görä, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sagiba Gafarowa Türkmenistanyň wekiliýetine Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu parlament duşuşygynyň global derejede dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagynda milli parlamentleriň ornunyň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny görkezýändigini belledi.

Azerbaýjandaky bu parlament duşuşygynyň gurama agza ýurtlaryň arasynda parlamentara gatnaşyklary nukdaýnazaryndan möhüm bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sagiba Gafarowa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň hem möhümdigini belledi. Bu saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Sagiba Gafarowa iki ýurduň arasyndaky parlamenara gatnaşyklarynyň hem ýokary derejede alnyp barylýandygyna uly kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa hem öz gezeginde Azerbaýjana amala aşyrýan saparyna kanagatlanma bildirip, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin iberilen çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklandyrma bildirilýän beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklayr barada hem pikir alyşdylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri