Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban uçurymlar!

Sizi 2020-2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy we bilimler dünýäsinde täze belent maksatlara ruhlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamzadyň döreden iň gymmatly mirasy terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny şanly wakalar bilen şöhratlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan çäreleriň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, güýç-gaýratyny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etjek bagtyýar ýaşlarymyzda ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.

Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti barha ýokarlanýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa «Soňky jaň» dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Däp bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň we agzybir halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan ýylynda güneşli Diýarymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk çäreleri geçiriler. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hem-de ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak watansöýüji nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly ädimler bilen öňe ynamly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidirler.

Mähriban uçurymlar!

Ylym hem-de bilim ynsan durmuşyna röwşen nuruny saçýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, täze bilim toplumlaryny döretmek, sanly bilimi ösdürmek arkaly bilimiň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Bu bolsa ýaşlarymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimleriniň has-da artmagyna, ylym we döredijilik işlerine höwesiniň döremegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine ýardam berýär.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020 futbol çempionaty badalga alýar

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize wepaly ýaşlar halkara olimpiadalarda we bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, üstünlikli çykyş edýärler. Biz zehinli, başarjaň ýaşlarymyza örän guwanýarys! Adamzadyň iň ajaýyp, iň gözel ahlak sypatlaryny özlerinde jemleýän ýiti zehinli, ylym-bilimli, watansöýüji, ýüzleri nurana, geljegine ynamly gadam urýan ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň — berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň kemala gelmegi ýurdumyzyň bilim kuwwatynyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Geljekde biziň başlangyçlarymyzyň mynasyp dowam etdiriljekdigine uly ynam döredýär.

 

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Bilim täzelenişiň we döredijiligiň, ösüşiň esasyny düzýär. Şu beýik maksatdan ugur alyp, biz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşinde, uzak möhletli milli maksatnamalarymyzyň amala aşyrylmagynda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Bu ugurdaky özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydyr.

Geljegimiz bolan ýaş nesilleri eziz Watanymyzyň mynasyp ogullary we gyzlary hökmünde terbiýelemekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklarynyň, alyp barýan netijeli işleriniň örän uly ähmiýeti bar. Siziň zehinli, döwrebap pikirlenmegi başarýan, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky ýadawsyz we yhlasly zähmetiňiz geljekki ösüşlerimiziň berk binýadydyr.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban uçurymlar!

 

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Okap bilersiňiz  Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndürilýär

Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrmakda gujur-gaýratyny, zähmetini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýoluňyzyň ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin, mähriban uçurymlar!

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ýerli ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar