TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu gün nebitgaz senagatynyň ýokary ösüş depginini hem-de maýa goýum işjeňligini saklamagyň, ýerli önümçiligiň mukdaryny artdyrmagyň esasy wezipe bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ýataklarynyň netijeli işlenip taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän öňdebaryjy tejribelere we täzeçil tehnologiýalara eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň köpugurly kuwwatyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etmegi esasy ugur edinýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmakda elektrik energetikasy ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň mukdaryny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda ministre degişli görkezmeleri berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş we senagat gurluşygynyň giň gerime eýe bolýan şertlerinde bina edilýän desgalaryň hili baradaky meseläniň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyp, gurluşyk işleriniň tehniki derejesine gözegçiligi üpjün etmek, öňdebaryjy çözgütleriň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň esasynda gurluşygyň senagat usullaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şu günler ekerançylar agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça işleri alyp barýar. Şeýle hem gowaça tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ilatyny ýeralma hem-de gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda 2020-nji ýylda meýilnama laýyklykda ekilen ýeralma hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şeýle hem geljekde ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilmegini köpçülikleýin ýola goýmak hem-de ekilýän meýdanlaryny giňeltmek we bu işe önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki bol hasylyň düýbüniň tutulýan şu günlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, şol işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikanyň kadalaryna doly gabat gelmegini üpjün etmegi talap etdi.

Milli Liderimiz ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek hem-de ilaty oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyryp, ilkinji nobatda, ekologiýa abadançylygy, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan bu çäräniň ähmiýetini nygtady.

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle