TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmenistanyň milli ýygyndysy “CAFA NATIONS CUP-2023” ýaryşynda çykyş eder

Duşenbe şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA NATIONS CUP-2023 ýaryşyndaky garşydaşlary mälim boldy. Bije çekişlik dabarasy onlaýn formatynda geçirildi. Bu barada Futbol federasiýasynyň saýtynda bellenilip geçilýär.

Bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy «A» toparçada Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. «A» toparçadaky oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. «B» toparçadan Eýranyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary orun aldylar. «B» toparçasynyň duşuşyklary Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde bolup geçer.

Ýaryşyň geçiş tertibine laýyklykda, toparçalaýyn tapgyrdaky oýunlar aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat bolar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda, toparçada ikinji orny eýelänler bolsa üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşyga gatnaşarlar. Final hem-de üçünji orun üçin oýunlar Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

CAFA NATIONS CUP-2023 ýaryşy 11-20-nji iýun aralygynda geçiriler.

«A» toparçanyň duşuşyklary.

1-nji tapgyr. 11-nji iýun (ýekşenbe).

  • Täjigistan – Türkmenistan
  • Özbegistan – Oman

2-nji tapgyr. 14-nji iýun (çarşenbe)

  • Oman – Täjigistan
  • Türkmenistan – Özbegistan

3-nji tapgyr. 17-nji iýun (şenbe)

  • Özbegistan – Täjigistan
  • Türkmenistan – Oman

Ýene-de okaň

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Real Eden Hazard bilen şertnamasyny bes etdi

Teswirle