DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Dostlukly döwletiň Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hormatly Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk egsilmez güýç-kuwwat, şeýle hem ösüşiň we ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine döwlet we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlygyny bildirip, taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, palamentara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinmekleriniň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň uly geljegine bolan ynamy döredýändigini nygtady.

Söhbetdeşler häzirki günde ýurtlarymyzyň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürip, ähli esasy ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hususan-da, iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň ugurlary boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan we Gazagystan Hazar deňzi sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Şunuň bilen baglylykda, kenarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky Sammitiniň işiniň netijeli we üstünlikli boljakdygyna ynam bildirildi.

Wladimir Putin: Hazar sammiti ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbidine

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Awstraliýa Türkmenistana ilçi belledi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk edýär

Russiýanyň iri şäherlerinden Türkmenistana uçar gatnawyny guramak teklip edildi

Ata Watan Eserleri

“Atletiko Madrid” topary Gazagystanda futbol akademiýasyny açýar

Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy