DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Parlamentara Beleleşiginiň BMG-deki ýyllyk diňlenişigi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Kerimguly Geldiýew we Gurbangeldi Aşyrow 2024-nji ýylyň 8-9-njy fewralynda Parlamentara Bileleşiginiň Birleşen Milletler Guramasynyň ştab kwartirasynda geçirilen ýyllyk diňlenişigine gatnaşdylar. Diňlenişik «Dawa-jenjeliň soňuna çykmak: parahatçlylykly geljek üçin çözgütler» şygary bilen geçirildi.

Çäräniň dowamynda esasy çykyş bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Dennis Fransis we Parlamentara Bileleşigiň Başlygy Tulia Aksson çykyş etdiler.

Adamzadyň iň möhüm meselesi parahatçylykly geljek bolup durýandygy barada bellenildi. Ýurtlaryň içinde we aralarynda konflikt ösýär, millionlarça adamlara oňaýsyz täsirini ýetirýär. Geljege, aýratyn hem ýaşlarda ynamsyzlyk döredýär. Şu gün halkara guramalar hökmany ýagdaýda kesgitli hereket etmelidigi, parahatçylyk üçin durmuş adalatlylygy, gowy dolandyryş we halkara hukukygyny ileri tutmak ýaly esasy ýörelgelere uýmagyň ähmiýeti bellenildi.

Parlament diňlenişigi 300-den gowrak parlament wekillerini we bilermenleri jemledi. Olar ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlament diplomatiýasyny we araçylyk gurallaryny ulanmak bilen konfiktleri aradan aýyrmak we çözmek ugrunda pikir alyşdylar. Konfliktleriň düýp sebäplerini aradan aýyrmak we hormatsyzlyk, deňsizlik we aýrymçylyk aradan aýyrmagyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn bellediler. Şeýle hem milli parlamentleriň hökümetleriň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrunda karar almakda hasabatlylygy üpjün etmek we höweslendirmek barada aýdyldy.

Parlamentarileriň 2024-nji ýylyň Sentýabr aýynda kabul edilmegi meýilleşdirilýän BMG Geljegiň Sammitiniň jemleýji resminamasynyň taýýarlanylmagynda parahatçylyk döredijilik, adam hukuklary we demokratiýany ilerletmekde emeli aň ulgamlarynyň ösdürilmegine goşant goşmaklaryna aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň Wekiliýeti 9-njy fewralda Parahatçylyk we tehnologiýa: täze howplar bölümi boýunça çykyş etdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň çykyşynda halkara parahatçylygy we ynamy berkitmekde, ýurduň ählumumy we sebitleýin derejede, şol sanda parlament diplomatiýasynyň gurallary bilen amaly başlangyçlaryň üstünde duruldy.

Aýratynlykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýylyň Parahatçylygyň kepili hökmünde diaogyň halakra ýyly yglan edilmegi barada aýdyldy. Parahatçylygy, howpsuzlygy, we durnukly ösüşi üpjün etmekde şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagyny döretmek başlangyçlarynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi barada aýdyldy.

Ýurduň Parlamentara Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy,  GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Birleşigi we beýleki köpugurly parlament meýdançalarynda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy barada bellenildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn parlament dialogyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisi 48 sany parlamentara dostluk toparyny döretdi.

Ýene-de okaň

USAID tarapyndan žurnalistler üçin okuw seminary guraldy

ADNOC kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi

Rumyniýada Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçiriler

Konsullyk, serhet we gümrük boýunça türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy