DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkiýe Respublikasynda saparda bolar. Bu saparyň 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Türk diplomatynyň bellemegine görä, türk tarapy bu sapara uly ähmiýet berýär. Saparyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm duşuşyklar geçiriler.

Şeýle hem türk ilçisi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň hem 8-nji mejlisiniň fewral aýynyň ahyrynda boljakdygyny belledi. Munuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň Türkiýä saparyna taýýarlyk görülýändigini belledi.

Hökümetara toparynyň mejlisine türk tarapyndan Tükriýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk eder.

 

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi