Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasynda saparda bolar.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 17-20-nji sentýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Selul şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu saparyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýulary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky parlamentara forumyna gatnaşar.