JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisine täze saýlanan deputatlar belli boldy

Mälim bolşy ýaly, golaýda, ýagny şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine täzelerini saýlamak boýunça saýlawlar geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada berlen maglumata laýyklykda, täze deputatlar saýlandy. Olar barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze saýlanan deputatlardan şulardna ybarat: 

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça
Bazarow Rejep
 – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, wise Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary.

2-nji «Bitaraplyk» saýlaw okrugy boýunça
Kulyýew Maksat Hojamyradowiç
 – Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň Ulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory.

6-njy «Köpetdag» saýlaw okrugy boýunça
Mollaberdiýew Ýeňiş Jumageldiýewiç
 – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Işgärler boýunça we ýerine ýetirilişe gözegçilik bölüminiň esasy maslahatçysy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Talyp-2024: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatyna täze prokuror bellendi

Talyp-2024: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar