TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegi babatda gol çekilen özara düşünişmek baradaky ähtnamany tassyklady. Bu barada ýurdumyzyň habarlar gullugynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyryşynyň 13-nji mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky maslahaty geçirildi. Şol mejlisde “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakyndaky özara düşünişmek Ähtnamasynyň tassyklanmagy” karar taslamasyna seredildi we ol biragyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu möhüm ylalaşyk 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň ýurdumyza amala aşyran saparynda gol çekilipdi.

Şu ýylyň fewralynda bu taryhy resminama Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisi tarapyndan tassyklandy.

Şeýle hem fewral aýynda Russiýanyň “Lukoil” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow hormatly Prezidentimiz bolan duşuşygynda “Dostluk” uglewodorod ýatagynyň özleşdirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Rus “Lukoil” kompaniýasy “Dostluk” ýatagynyň özleşdirmegine gatnaşar

Azerbaýjanyň Mejlisi “Dostluk” ýatagy baradaky ähtnamany tassyklady

Ýene-de okaň

Türkmenistan Özbegistana suwuklandyrylan gaz kömegini berer

Türkmenistan-Özbegistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Teswirle