TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň konsuly wezipesine girişdi

Türkmenistanyň konsuly G.Garaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatory I.Ýu.Babuşkin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine gönükdirilen täze diplomatik wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli pudaklary boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gämi gurluşyk, bilim we Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ýaly pudaklarda Astrahan oblasty bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýarlyk bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň ýakyn geljekde degişli çäginde dörediljek aýratyn port ykdysady zolagynda Türkmenistandan getiriljek harytlar üçin soňralygy bilen giňeldilmek şertleri bolan logistika merkezini açmagyň mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky meselä hem seredip geçdiler. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam, syýahatçylygyň we işewürligiň ösdürilmegine bolsa itergi berer.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle