TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Konstitusiýasy: Bellikler

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Karar kabul edildi.

Bellikler:

  • Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak.
  • Konstitusion kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasynda «Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär.»
  • Şol bir adam bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna-da saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýär.
  • Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;» diýen dördünji bent goşuldy.
  • Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hukugy Türkmenistanyň Prezidentine berilýär.
  • Mejlisiň kabul eden kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin berilýär.
  • «Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar.»
  • Ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler.
  • Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen hem ara alyp maslahatlaşylar.
  • Konstitusion kanunyň taslamasy Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlener we makullanan halatda Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna beriler.

Degişli habar

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy makullandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle