Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:
- Gyzylgül Baýramdurdyýewna Ýegenmämmedowa – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we ol şol kazyýetiň preziudymynyň düzümine girizildi, şeýle hem ol Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
- Arazgylyç Nazarow – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.
- Hajymämmet Nurlyýewiç Nuryýew – Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
- Jumamyrat Çaryýewiç Açilow – Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi we ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
- Maksatmyrat Annagulyýewiç Myradow – Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellendi we ol Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
- Bahar Geldimyradowna Berdiýewa – Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.
- Gülşat Annagurbanowna Salakowa – Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellendi we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesi berildi.