TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadyljak harby gullukçylary (esgerler), edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde we 12-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyň okuw binalary, barlaghanalary, kitaphanalary we institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 33-52-33, 39-26-20.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle