JEMGYÝET

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Geňeşiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili hökmünde Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişele ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ynanç hatyny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýewropanyň ýokary derejeli syýasatçysy şu ýyl döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Brýusselde ýokary derejdäki duşuşygy guramagy teklip etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň çäk bitewüligini hormatlaýandygyny bellän Şarl Mişel Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça 3 ugurdaky gatnaşyklara: howpsuzlyk, parahatçylyk we durmuş-ykdysady ösüş ýaly ugurlara has köp üns berýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berildi. Geçen ýylyň noýabrynda “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça dialogyň nobatdaky tapgyrynyň geçirilendigi, golaýda ÝB-niň adam hukuklary boýunça ýörite wekiliniň hem-de Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň guralandygy bellenildi.

Türkmenistanyň wekili öz gezeginde Türkmenistandaky amala aşyrylan özgertmeler barada belläp geçip, söwda, energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, şeýle hem daşky gurşawy goramak ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine üns çekdi.

Umuman, taraplar Türkmenistan-ÝB dialogynyň giňeldilmegine taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady