DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň gurnan agzaçar çäresine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň Premýer-ministri F.Kişida tarapyndan bu ýurtdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin külli musulman dünýäsinde mukaddes Remezan aýynda gurnalan agzaçar çäresine gatnaşdy.

Bu çäräniň çäginde Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli arzuwlary ýetirdi we F.Kişidany ýapon tarapy üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen barmaga çagyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriniň Ýaponiýa amala aşyran saparlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Bu saparlaryň netijesinde türkmen wekiliýetleri Ýaponiýanyň döwlet we hususy pudaklarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen ýokary netijeli duşuşyklary geçirdi. 2024-nji ýylyň diňe birinji çärýeginiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýän jemi 8 sany hökümetara we pudagara resminama gol çekildi.

Şol bir wagtyň özünde, 2024-nji ýylyň 27-nji martynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kiçi we orta telekeçileriniň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji işewürler forumynyň çäginde Osaka şäherinde geçiriljek EXPO-2025 halkara sergisi üçin 2025-nji ýylyň aprel aýynda açylmagy meýilleşdirilýän türkmen pawilýonynyň taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Ýapon tarapy Türkmenistanyň bu halkara sergisinde öz milli pawilionynyň gurluşygyny başlan ilkinji döwlet bolandygyna ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa tomusda Merkezi Aziýa döwletleri bilen sammit geçirmegi meýilleşdirýär

«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

Özbegistanyň Prezidenti Täjigistanda döwlet saparynda bolar

Hindistan ilaty bilen rekord goýdy

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi