DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Zurab Honelidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşygyýola goýmak, bu ugurda hünär tejribe alyşmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
IlçiTürkmenistan şu ýyl türkmeniňbeýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belleýändigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ýubileý sene üçin meýilleşdirilen çäreler Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň bütindünýäde içgin öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşjakdygyny belledi.
Z.Honelidze hem öz gezeginde iki dostlukly ýurduň ylym we bilim pudaklarynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek hem-de onyösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi