Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Russiýanyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi Igor Wolynkin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar türkmen-rus köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, hususan-da syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň esasy ugurlarda özara peýdaly dostluk gatnaşyklaryny we abraýly halkara guramalarynyň çäginde, esasanam GDA we BMG-de üstünlikli hyzmatdaşlygy saklaýandyklaryny mälim etdiler.
Sergeý Lawrow Igor Wolynkiniň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenisandaky ilçisi wezipesine bellenendigini belläp, onuň iki dostlukly ýurduň arasyndaky ozal gazanylan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi bermek tagalla etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde ilçi Igor Wolynkini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenisandaky ilçisi wezipesine bellenmegi bilen gutlady.