DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Kyrsehir welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Kyrsehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başgada, duşuşykda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, söhbetdeşler gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen wekiliýetiniň Türkiýäniň bu sebitine amala aşyran saparynyň geljekki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyna mümkinçilik döretýändigini nygtadylar we Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başgada, türkmen tarapy, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly halkara derejesindäki çäreler, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler boýunça maglumatlary ýetirdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

22-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi